Malaýziýa Gazadaky hassahanalara 1,7 million TL-lik ýardam berdi

Malaýziýa Gazada Ysraýylyň howa hüjümleri sebäpli ýitgi çeken hassahanalaryň abatlanmagy üçin goldaw berer

1200176
Malaýziýa Gazadaky  hassahanalara 1,7 million TL-lik ýardam berdi

Malaýziýanyň hökümeti Gazada Ysraýylyň hüjümleri sebäpli uly ýitgi çeken hassahanalara 1,7 million TL-lik ýardam berdi.

Daşary işler ministriniň orunbasary Marzuki Ýahýa, soňky bir aýda Gazada Ysraýylyň howa hüjümleri sebäpli ýitgi çeken hassahanalaryň abatlanmagy üçin Malaýziýanyň hökümetiniň goldaw berjekdigini nygtady.

Ýurdunyň Gazada Ysraýylyň hüjümleri sebäpli zyýan çeken hassahanalara 1,2 million ringgiti ýagny 1,7 million TL-lik ýardam berendigini nygtan Marzuki Ýahýa, Gazadaky mekdeplere hem ýardam berjekdiklerini belledi.


Etiketkalar: #Malaýziýa , #Gaza , #hassahana

Degişli Habarlar