Owganystanda bombaly hüjüm guraldy
Owganystanyň Gazna welaýatynyň Mukur etrabynda ýoluň gyrasyna ýerleşdirilen bombanyň partlamagy netijesinde 7 çaga ýogaldy
1199671
Gazna welaýatynyň gubernatorlygynyň metbugat sekretary Arif Nuri, metbugat işgärlerine beren beýanatynda, Mukur etrabynyň Çambaran obasynda ýoluň gyrasyna ýerleşdirilen bombanyň, çagalaryň şol golaýda oýnaýan mahaly partlandygyny habar berdi.
Partlamada 7 çaganyň ýogalandygyny aýdan Nuri, 2 çaganyň bolsa ýaralanandygyny beýan etdi.
Nuri, bombanyň ýoluň gyrasyna Taliban tarapyndan ýerleşdirilendigini habar berdi.
Degişli Habarlar
Nigeriýada Zamun Alynan 64 Çaga Bilen Zenan Boşadyldy
Harby goşun ýaragly başbozarlara garşy geçirýän operasiýasyny dowam etdirýär
Russiýa, Ermenistandaky Ilçisini Yzyna Çagyrdy
Degişli kararyň näme sebäpli kabul edilendigi barada bolsa maglumat berilmedi.