Russiýa daşary ýurtlary Eýran bilen söwda gatnaşygyny dowam etdirmäge çagyrdy

Russiýanyň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýannamada Eýranyň ýadro ylalaşygyndaky borçlarynyn bir bölegini bes etmegi baradaky kararyna resmi Moskwanyň “düşünjelilik” bilen garaýandygy nygtalýar

1198754
Russiýa daşary ýurtlary Eýran bilen söwda gatnaşygyny dowam etdirmäge çagyrdy

ABŞ-nyň ýadro ylalaşygynyň çäginde Eýrana garşy görýän çärelerini tankyt edýän beýannamada; “ABŞ geçen ýyl ylalaşykdan çekilip, BMG-niň kararyna äsgermezlik etmek bilen çäklenmän, Eýrana garşy bir taraply çäklendirmeler goýdy we beýleki ýurtlara syýasy basyş edip, Eýran bilen adaty ykdysady gatnaşyk açmaklarynyň öňüni almaga synanşdy. Bu başlangyçlary ýazgarys” diýilýär.

Resmi Tähranyň ylalaşyga laýyklykda özüne berilýän ykdysady girdejilerden peýdalanyp bilmeýändigine üns çekilýän beýannamada; “Ylalaşyga tarap bolup durýan ähli ýurtlary borçlaryny berjaý etmäge we Eýrany hem ylalaşyga laýyklykdaky borçlaryna artykmaç daşlaşmazlyga çagyrýarys” diýilýär.

Eýran bilen ykdysady gatnaşyklaryň bes edilmeli däkdigine üns çekilýän beýannamada; “Daşary ýurtlar energiýa söwdasy bilen bilelikde Eýran bilen söwda gatnaşyklaryny çäklendirmeli däl” diýlip nygtalýar.



Degişli Habarlar