Talibanyň guran hüjüminde ýene-de 8 polis ýogaldy

Owganystanyň demirgazyk-gündogarynda terror guramasy Talibana agza terrorçylaryň Polisiýa merkezine guran hüjüminde ýene-de 8 polis işgäri ýogaldy

1196587
Talibanyň guran hüjüminde ýene-de 8 polis ýogaldy

Tahar welaýatynyň gubernatorlygynyň metbugat geňeşçisi Muhammed Jewad Hijri, terrorçylaryň Çarsiha sebitiniň, Hoja Bahaddin etrabyndaky Polisiýa merkezine hüjüm guramagyndan soň çaknyşygyň başlandygyny habar berdi.

Ýaragly çaknyşykda 8 polis işgäriniň ýogalandygyny aýdan Hijri, goşmaça harby güýçleriň sebite barmagy bilen terrorçylaryň yza serpikdirilendigini mälim etdi.


Etiketkalar: #Owganystan , #Tahar , #Taliban

Degişli Habarlar