Russiýanyň Daşary işler ministri amerikaly kärdeşi bilen duşuşdy

Sergeý Lawrow, Wenesuelada harby operasiýa hiç kimiň goldaw bermeýändigini belläp: “Ähli taraplaryň eýe bolan bu düşünje praktiki bir syýasata öwrüljekdigini we harby çözgüdiň bolmajakdygyny umyt edýärin. Ýogsam bu betbagt bolar” diýdi

1196213
Russiýanyň Daşary işler ministri amerikaly kärdeşi bilen duşuşdy

Finlýandiýanyň Rowaniemi şäherinde ABŞ-niň Döwlet sekretary Maýk Pompeo bilen geçiren duşuşygyndan soň beýanat beren Lawrow, kärdeşi bilen strategik durnuklylyk bilen bagly meseleleri maslahatlaşandygyny habar berdi.

Wenesuela garşy harby operasiýa hiç kimiň goldaw bermeýändigini bellän Lawrow: “Men amerikaly, ýewropaly, günorta amerikaly kärdeşlerim bilen geçiren duşuşyklarymda, Wenesuelada harby operasiýanyň geçirilmegine goldaw berýänlere duş gelmedim. Ähli taraplaryň eýe bolan bu düşünje praktiki bir syýasata öwrüljekdigini we harby çözgüdiň bolmajakdygyny umyt edýärin. Ýogsam bu betbagtlyk bolar” diýip nygtady.

Sergeý Lawrow, Maýk Pompeo bilen geçiren duşuşygy bilen bagly beren beýanatynda şulary hem belläp geçdi: “Duşuşykda hakyky syýasatyň üstünde durdyk we ol üstünlikli geçdi”.



Degişli Habarlar