Aýlag krizisinden soň Bahreýn bilen Kataryň arasynda ilkinji telefon söhbetdeşligi geçirildi

Halife Bin Salman Al Halife, Kataryň Emiri Şyh Temim Bin Hamed Al Sana telefon edip remezan aýynyň başlamagy bilen gutlady

1196591
Aýlag krizisinden soň Bahreýn bilen Kataryň arasynda ilkinji telefon söhbetdeşligi geçirildi

 

Bahreýniň Premýer ministri Halife Bin Salman Al Halife, 2017-nji ýylda başdan geçirlen Pars Aýlag krizisinden soň ilkinji gezek Kataryň Emiri Şyh Temim Bin Hamed Al Sana telefon edip remezan aýynyň başlamagy bilen gutlady.

Kataryň resmi QNA habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, ady agzalýan telefon söhbetdeşliginde başga meseleleriň serljerlip seljerilmändigi hakynda maglumat berilmedi.

Bahreýin, Aýlag krizisinden soň ilkinji gezek geçen hepde Katarda geçirlen çärä Saud Arabystany bilen birlikde resmi derejede gatnaşypdy.

Saud Arabystanynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Bahreýniň we Müsüriň 2017-nji ýylda Katar bilen ähli diplomatik gatnaşyklaryny kesmegi we ykdysady taýdan çäklendirme goýmagy Pars Aýlag krizisine sebäp bolupdy.

 



Degişli Habarlar