General Hafteriň güýçleriniň ştabyna hüjüm guraldy

Liwiýanyň Sebha şäherinde ýurdyň gündogaryndaky harby güýçleriň serkerdesi general Halife Hafter güýçlerine degişli bir ştaba guralan hüjümde 9 adam ýogaldy

1195025
General Hafteriň güýçleriniň ştabyna hüjüm guraldy

Sebhanyň häkimi Hamid El-Haýali, şäheriň obalyk ýerinde Hafter güýçlerine degişli harby toparlaryň tälim geçýän ştabyna ýaragly hüjümiň guralmagy netijesinde 9 adamyň ýogalandygyny habar berdi. 

Haýali, ilkinji kesgitlemelere görä hüjümi guranlaryň terror guramasy DAIŞ-e agza terrorçylardygyny görkezýändigini habar berdi. 

Ştabda şol bir wagtda terror ýaly biri-birinden tapawutly eden-etmişler sebäpli tussaglykda saklanýan adamlaryň bardygyny aýdan Haýali, bu adamlaryň ykbaly barada bolsa maglumat bermedi. 

 


Etiketkalar: #Liwiýa , #hüjüm , #DAIŞ

Degişli Habarlar