Marokkoda 310 lukman wezipesinden çekildi

Beýanatda lukmanlaryň başdan geçirýän kynçylyklary hakynda maglumat berilmedi

1191010
Marokkoda 310 lukman wezipesinden çekildi

 

Marokkoda döwlet eýeçiligindäki hassahanalarda işleýän 310 lukman saglygy goraýyş ulgamyndaky kynçylyklara garşylyk görkezmek üçin wezipesinden çekildi.

Lukmanlar arkalaşygy tarapyndan berlen ýazmaça beýanatda ýurduň çar tarapynda jemi 310 lukman saglygy goraýyş ulgamyndaky kynçylyklar sebäpli wezipesinden çekilendigi nygtaldy.

Beýanatda lukmanlaryň başdan geçirýän kynçylyklary hakynda maglumat berilmedi.

Garaşsyz lukmanlar arkalaşygy iş şertleriniň kadalaşdyrylmagy we aýlyk günlükleriniň artdyrylmagy talaby bilen ýaňy ýakynda hem iş taşlaýyş yglan edipdi.

Marokkoda  döwlet eýeçiligindäki hassahanalarda işleýän lukmanlaryň 7 müň dirhem ýagny 700 dollara golaý aýlyk alýandygy, hususy pudakda işleýän lukmanlaryň bolsa has köp aýlyk alýandygy nygtalýar

 

 

 



Degişli Habarlar