Maýk Pompeo Kataryň Daşary işler ministri Muhammed Bin Abdurrahman Al Sani bilen duşuşdy

Duşuşykda Owganystanda, Liwiýada we Sudanda başdan geçirilýän soňky wakalar bilen sebitara we halkara meseleler seljerildi

1189724
Maýk Pompeo Kataryň Daşary işler ministri Muhammed Bin Abdurrahman Al Sani bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo Kataryň Wise-premýeri we Daşary işler ministri Muhammed Bin Abdurrahman Al Sani bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygyndan berlen beýanatda, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo Kataryň Wise-premýeri we Daşary işler ministri Muhammed Bin Abdurrahman Al Sani bilen  paýtagt Waşingtonda duşuşandygy nygtaldy.

Beýanatda Pompeo bilen Al Saniniň duşuşykda Owganystanda, Liwiýada we Sudanda başdan geçirilýän soňky wakalar bilen sebitara we halkara meseleler hakynda pikir alyşandygy ýatladyldy

Beýanatda Pompeonyň Al Sanini Katar bilen ABŞ-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalanmagy baradaky tagallasy üçin sag bolsun aýdandygy nygtaldy

 

 

 

 



Degişli Habarlar