Makron Notr Dam katedralyndaky ýangyny söndüren ýangyn söndüriş edarasynyň işgärlerini kabul etdi

“Katedraldaky ýangynyň söndürilmeginde uly jogapkärçiligi öz üstüňize alandygyňyz üçin size sag bolsun aýdýaryn"

1186335
Makron Notr Dam katedralyndaky ýangyny söndüren ýangyn söndüriş edarasynyň işgärlerini kabul etdi

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron Elysse köşgünde taryhy Notr Dam katedralyndaky ýangyny söndüren ýangyn söndüriş edarasynyň işgärlerini kabul etdi

Prezident Makron kabul edilşikde Katolikleriň ruhani lideri Papa Fransisk bilen geçiren telefon söhbetdeşligi hakynda maglumat berdi.

Papanyň özüne telefon edip Notr Dam katedralynda ýangyna gynanç bildirendigini aýdan Makron, Papany Fransiýa çagyrdym we Papa çakylygyma oňyn garaýar” diýdi.

Makron “Katedraldaky ýangynyň söndürilmeginde uly jogapkärçiligi öz üstüňize alandygyňyz üçin size sag bolsun aýdýaryn. Telewideniýe arkaly size sin eden Fransiýa we bütin dünýä görelde bolduňyz” diýdi.

Parižiň simwollaryndan biri bolan taryhy Notr Dam katedralynda duşenbe güni bolan ýangynda 93 metr beletligindäki dinlerden biri bilen binanyň üçegi dolulygyna çöküpdi.

Ýangyn 400-e golaý ýangyn söndüriji tarapyndan söndürildi.

Ýangyn söndürijileriň başarjaňlygy netijesinde katedralygyň jaň diňi bilen esasy binasy halas edildi.

 

 



Degişli Habarlar