“F-35 uçarlaryny Türkiýä gowşurandan soň Ankara gelmek isleýärin”

ABŞ-nyň Goranmak ministriniň orubasary Patrik Şanahan F-35 uçarlaryny Türkiýä gowşurandan soň Ankara gelmek isleýändigini aýdy

1186438
“F-35 uçarlaryny Türkiýä gowşurandan soň Ankara gelmek isleýärin”

Albaniýanyň Goranmak ministri Otla Jaçka bilen Pentagonda duşuşan Şanahan žurnalistleriň soraglaryna jogap berdi.

Amerikan Türk geňeşiniň 37-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Waşingtona baran Milli goranmak ministri Hulusi Akar bilen geçiren duşuşygy barada durup geçen Şanahan: “Nireden düşnüşmezlik boldy, nähili çözüler” diýlen soraglara jogap gözländiklerini beýan etdi.

Şanahan: “Biz pozisiýalara däl, bähbitlere gönükdik” diýdi.

Şanahan iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösýändigini nygtady.

Türkiýäniň strategik hyzmatdaşlardan biridigini beýan eden ABŞ-nyň Goranmak ministriniň orunbasary: Akar bilen duşuşmak gowy. Bilelikde öndüren hüjüm uçaryny gowşurandan soň oňa sapar bilen barmak isleýandigimi aýtdym” diýdi.

 


Etiketkalar: #ABŞ , #Şanahan , #F-35

Degişli Habarlar