Azat Siriýa goşuny bilen ÝPG/PKK-nyň arasynda çaknyşyk boldy

ÝPG/PKK Tel Ryfatdan Azez, Bab, Jarablus, Mare we Afrin etraplaryna hüjüm guraýar

1184875
Azat Siriýa goşuny bilen ÝPG/PKK-nyň arasynda çaknyşyk boldy

Azat Siriýa goşuny bilen front liniýasyna girmäge çalşan ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-nyň arasynda çaknyşyk boldy.

Ýurduň demirgazygynda oppozisionerleriň gözegçiligi astyndaky Mare etrabynyň günorta günbataryna ornaşan ÝPG/PKK-a agza terrorçylar, front liniýasynda Azat Siriýa goşunyna degişli ýerlere girmäge çalyşdy

Azat Siriýa goşuny bilen terrorçylaryň arasyndaky çaknyşyklar düýn gije belli aralyklar bilen dowam etdi.

ÝPG/PKK 3 ýyldan gowrak wagt bäri basyp alan ýeri bolan Tel Ryfatdan Azez, Bab, Jarablus, Mare we Afrin etraplaryna hüjüm guraýar.

 

 

 

 



Degişli Habarlar