Ukrainanyň paýtagty Kiýewde bomba howsalasy

Ukrainanyň paýtagty Kiýewde, biri-birinden tapawutly ýerlerde bombanyň bardygy barada maglumat berilmeginden soň ol ýerler adamlardan boşadyldy

1183143
Ukrainanyň paýtagty Kiýewde bomba howsalasy

Kiýewiň Polisiýa gullugy tarapyndan berilen beýanatda, şäheriň merkezindäki Halkara Döwrebap sungat merkezi, Garaşsyzlyk meýdançasy, Globus atly söwda merkezi we käbir otellerde bombaly hüjümleriň guraljakdygy barada maglumatlaryň alynandygy habar berildi.  

Telefon arkaly bildirilen maglumatlardan soň, ady agzalan ýerlere halas ediji toparlar bilen bomba hünärmenleriniň gönükdirilendigi we ýüzlerçe adamyň ol ýerlerden uzaklaşdyrylandygy mälim edildi.


Etiketkalar: #Ukraina , #Kiýew , #bomba

Degişli Habarlar