Rus uçarlar Siriýanyň Idlib sebitine howa hüjümlerini guradylar

Siriýada Idlib dartgynlygy azaltmak zolagynda degişli bolan asuda ilatyň ýaşaýan ýerlerine garşy guralan howa hüjümlerinde şol bir maşgaladan 3-si çaga jemi 5 adam ýaralandy

1182978
Rus uçarlar Siriýanyň Idlib sebitine howa hüjümlerini guradylar

Idlib dartgynlygy azaltmak zolagy serhetleriniň çäginde ýerleşýän, Idlibiň günortasyndaky Eriha etrabynyň Urem El Juz etrapçasyna, Bsenkul obasyna we Jebel El Arbain sebitiniň golaýyna düýn gije howa hüjümleri guraldy.

Alynan maglumata görä, howa hüjümlerinde şol bir maşgaladan 3-si çaga jemi 5 adam ýaralandy.

Oppozisionerlere degişli uçar gözegçilik gullugynyň sosial media hasabyndan berilen beýanatda hem: “Latakiýadaky Hymeýmim howa bazasyndan uçan 2 rus uçary, Idlibiň günortasyndaky Eriha etrabynyň Urem El Juz etrapçasyna, Bsenkul obasyna we Jebel El Arbain diýileý ýeriň golaýyna howa hüjümleri gurady” diýip habar berildi.



Degişli Habarlar