Liwiýada general Halife Hafter güýçleriniň hüjümine garşy ýöriş geçirildi

Ýörişlerde Hafter güýçlerine goldaw berýändigi üçin Fransiýanyň baýdagy ýakyldy

1182667
Liwiýada general Halife Hafter güýçleriniň hüjümine garşy ýöriş geçirildi

Liwiýanyň paýtagty Tripolide general Halife Hafter güýçleriniň şähere hüjüm etmegine garşy ýöriş geçirildi.

Tripolidäki Şehitler meýdanynda bir ýere jemlenşen onlarça adam, Hafter güýçleriniň paýtagta garşy guran hüjümine garşylyk görkezdi.

Protest ýörişinde “Agdarlyşyk islemeýaris”, “Söweşi bes ediň”  diýlip ýazylan şygarlar göterildi.

Ýörişlerde Hafter güýçlerine goldaw berýändigi üçin Fransiýanyň baýdagy ýakyldy.

Liwiýanyň gündogaryndaky harby güýçleriň lideri General Halife Hafter, paýtagt Tripolini ele geçirmek üçin 4-nji aprele şähere garşy hüjüm başladypdy.

Hafter güýçleri Sabrata, Surman, Gyrýan we Al Asabia etrapçalaryna girenden soň, Tripoliniň günbatarynda ýerleşýän Zawiýe we Janzur şäherleriniň arasyndaky 27-nji gözegçilik merkezine çenli gelipdi.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy Hafteriň Tripolini ele geçirmek üçin başlan hüjümden soň Liwiýada bolan çaknyşyklarda bir hepde-de 58 adamyň ýogalandygyny, 275 adamyň ýaralanandygyny mälim etdi.



Degişli Habarlar