Sudandanyň Prezident Ömer Al Beşir wezipesinden çekilýär

Sudandanyň harby goşuny döwlet telewideniýesiniň binasyny gabaw astyna aldy

1181159
Sudandanyň Prezident Ömer Al Beşir wezipesinden çekilýär

Sudandanyň harby goşuny döwlet telewideniýesiniň binasyny gabaw astyna aldy, esgerleriň bir bölegi bina girdi.

Sudanyň döwlet telewideniýesi Al Maýaden , Prezident Ömer Al Beşiriň we hökümetiň wezipesinden çekilmek barada karar kabul edendigini habar berdi.

Syýasy töwerekler bolsa häkimiýetiň başyndaky Milli kongres partiýasynyň liderleriniň göz tussaglygyna alynmagyna başlandygyny öňe sürýär.

Beýleki tarapdan paýtagt Hartumdaky howa menzilinde uçar saparlarynyň saklanandygy nygtalýar.

Ýurtda 19-njy dekabrda çöregiň bahasynyň göterilmeginden soň Nil derýasyndaky Atbera we Port Sudan şäherlerinde başlan protest ýörişleri gysga wagtda paýtagt Hartumyň başda durmagynda ýurduň çar tarapynda hökümete garşy ýörişlere öwrülipdi.

 



Degişli Habarlar