Ukraina Russiýa garşy goýan ykdysady embargolarynyň gerimini giňeltdi

Russiýanyň Krymy basyp almagy we Ukrainanyň gündogaryndaky krizis sebäpli resmi Kiýew, 2014-nji ýyldan bäri Moskwa garşy biri-birinden tapawutly ykdysady çäklendirmeler girizýär

1180885
Ukraina Russiýa garşy goýan ykdysady embargolarynyň gerimini giňeltdi

Ukrainanyň Wise-premýeri, Ykdysady galkynyş we söwda ministri Stepan Kubiw, Ministrler kabinetiniň mejlisiniň maslahatynda ykdysady embargolarynyň gerimini giňeldilmegini öz düzüminde jemleýän "Russiýada öndürilen, Ukraina import edilmegi gadagan edilen önümleriň sanawynyň üýtgedilmegi bilen bagly kararyň" tassyklanandygyny habar berdi. 

Ukrainanyň Ykdysady galkynyş we söwda ministrligi, Russiýadan alynýan demir ýoly işlerinde ulanylýan elektron enjamlaryň, awtomatik we aragatnaşyk enjamlarynyň, wagonlar üçin käbir şaýlaryň embargo sanawyna alynandygyny mälim etdi. 

Azyklary paketlemek üçin ulanylan gutylar, gaplamalar we çüýşeler hem embargo sanawyna alynan önümleriň käbirleri boldy. 

Russiýanyň Krymy basyp almagy we Ukrainanyň gündogaryndaky krizis sebäpli resmi Kiýew, 2014-nji ýyldan bäri Moskwa garşy biri-birinden tapawutly ykdysady çäklendirmeler girizýär. 

Ady agzalan çäklendirmeleriň hatarynda, Russiýadan gönüden tebigy gaz importynyň bes edilmegi, rus banklaryna garşy gadagançylyklar we iki ýurdyň arasynda howa giňişlikleriniň ulanylmagynyň çäklendirilmegi ýaly çäreler bar. 

 



Degişli Habarlar