Putin Ysraýylyň Premýer ministri bilen duşuşar

“4-nji aprelde Netanýahu Moskwa iş saparyny gurar”

1175641
Putin Ysraýylyň Premýer ministri bilen duşuşar

 

Kremliň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň Ysraýylyň Premýer ministri Binýamin Netanýahu bilen paýtagt Moskwada duşuşjakdygyny habar berdi.

Peskow mesele hakyndaky beýanatynda “4-nji aprelde Netanýahu Moskwa iş saparyny gurar” diýdi.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin düýn Ysraýylyň Premýer ministri Binýamin Netanýahu bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçiripdi we Ýakyn Gündogarda başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşypdy

 

 

 

 



Degişli Habarlar