Alžiriň Prezidenti wezipesinden çekiljekdigini mälim etdi

Alžiriň Prezidenti Abdulaziz Buteflika wezipe möhlediniň doljak güni bolan 28-nji aprelden ozal wezipesinden çekiljekdigini mälim etdi

1175418
Alžiriň Prezidenti wezipesinden çekiljekdigini mälim etdi

Alžiriň resmi agentligi APS-niň berýän habaryna görä, Prezident Diwanyndan berilen ýazmaça beýanatda: “Prezident Abdulaziz Buteflika wezipe möhlediniň doljak güni bolan 28-nji aprelden ozal wezipesinden çekilmek baradaky arzasyny berer” diýip bellendi.

Beýanatda, wezipeden çekilmeden ozal, geçiş etabynda döwlet guramalaryň işleýşini togtatmazlyk üçin möhüm kararlaryň kabul ediljekdigi habar berildi.

Buteflika, geçen hepdäniň ýekşenbe güni ýurdyň ozalky Içeri işler ministri Nureddin Bedewiniň ýolbaşçylygyndaky ministrler kabinetiniň täze agzalaryny aýan edipdi.

Alžiriň Prezidenti Abdulaziz Buteflika, 11-nji martda garaşylmadyk ýagdaýda, prezident saýlawynda dalaşgärlikden çekilendigini, 18-nji aprelde geçirilmegi meýilleşdirilen prezident saýlawynyň möhledini yza süýşürendigini we hökümetde köptaraplaýyn üýtgeşmeleriň giriziljekdigini beýan edipdi.

Alžirde 1999-njy ýylda hökümetiň başyna geçen we 4 döwür wezipede galan 82 ýaşyndaky Abdulaziz Buteflika, ýarawsyzlygyna garamazdan prezident saýlawyna ýenede bir gezek dalşgär bolmagy, adamlaryň nägileliklerine sebäp bolupdy.


Etiketkalar: #Alžir , #Prezident , #saýlaw

Degişli Habarlar