Eýran-Owganystan serhedinde köp mukdarda neşe maddasy ele salyndy

Eýranyň gündogarynda neşe maddalaryny satýan toparlara garşy geçirilen operasiýada takmynan 1 tonna neşe maddasy ele salyndy

1174027
Eýran-Owganystan serhedinde köp mukdarda neşe maddasy ele salyndy

IRNA-nyň berýän habaryna görä, Owganystan serhedindäki Rezewi Horasan welaýatynyň Serhet howpsyzlygynyň serkertdesi Maşallah Jan Nisar, Günorta Horasanyň Içeri işler müdürligi bilen bilelikde geçirilen operasiýada 98 kg narkotik maddasynyň ele salynandygyny mälim etdi. 

Operasiýada şeýle hem 943 km tirýek, 46 kg haşhaş otunyň we tapawutly görnüşlerdäki neşe maddalarynyň ele geçirilendigini aýdan Nisar, toparyň ýaraglarynyň hem ele salynandygyny habar berdi. 

Nisar, neşe maddalarynyň serhetden geçirilýän mahaly ele salynandygyny, toparyň bolsa serhediň Owganystan tarapyna gaçandygyny beýan etdi. 

 



Degişli Habarlar