Owganystanyň Hyrat we Bathyz welaýatlaryndaky sil apatynda 15 adam ýogaldy

Owganystanyň Hyrat we Bathyz welaýatlarynda aşa köp ýagan ýagyşlar sebäpli emele gelen sil apatynda 15 adam ýogaldy

1174048
Owganystanyň Hyrat we Bathyz welaýatlaryndaky sil apatynda 15 adam ýogaldy

Hyrat welaýatynyň gubernaotorlygynyň metbugat sekretary Jeýlani Farhad, Hyrat welaýatynda birnäçe gün dowam eden aşa köp ýagan ýagyşlaryň sil apatynyň emele gelmegine sebäp bolandygyny habar berdi. 

Sil apatynda 8 adamyň ýogalandygyny aýdan Farhad, 9 adamyň bolsa ýaralanandygyny mälim etdi. 

Farhad sil sebäpli ýüzlerçe haýwanyň ölendigini we 1 müňden gowrak öýe zeper ýetendigini aýan etdi. 

Beýleki tarapdan Bathyz welaýatynyň gubernatorlygynyň metbugat sekretary Jemşid Şahabi, Bathyzyň Kads, Jewand we Bala Murgab etraplarynda sil sebäpli 7 adamyň ýogalandygyny beýan etdi. 

Sil sebäpli 5 adamyň ýaralanandygyny aýdan Şahabi, 2 adamyň bolsa dereksiz ýitendigini habar berdi. 

Ýurdyň demirgazygyndaky Farýab we Balh welaýatlarynda birnäçe gün ozal bolan silde bolsa 9 adamyň ýogalandygy mälim edilipdi. 

 



Degişli Habarlar