Siriýa Türkmen mejlisi Trampyň Golan depeleri bilen bagly kararyna nägilelik bildirdi

Siriýa Türkmen mejlisi, ABŞ-niň Prezidenti Donald Trampyň, Golan depelerini Ysraýylyň territoriasy hökmünde kabul edýän kararnama gol çekmegine reaksiýa bildirdi

1170883
Siriýa Türkmen mejlisi Trampyň Golan depeleri bilen bagly kararyna nägilelik bildirdi

Siriýa Türkmen mejlisinden berilen ýazmaça beýanatda: “ABŞ-niň Prezidenti Donald Trampyň,Golan depelerini Ysraýylyň territoriasy hökmünde kabul edýän kararnama gol çekmegi halkara hukuga tersdir, şol sebäpli bikanundyr” sözleri ulanyldy.

Beýanatda: “Siriýadaky gadymy türkmen ýerlerinden biri bolan Golan depeleri eýýäm 52 ýyl bäri Ysraýylyň gözegçiligi astyndadyr. Şu günki gün hem bu ýerler halkara hukuga ters ýagdaýda alynmaga synanyşylýar. Şu asla ýatdan çykarylmaly däl: etdim, boldy ýaly mejbur etmeler, diňe we diňe sebitdäki bar bolan çaknyşyklary has hem güýçlendirer” diýip bellendi.

Beýanatda ÝB-niň, Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň, Türk dünýäsiniň we BMG-niň Howpsyzlyk geňeşiniň bu karara garşy bolmaga çagyryldy.

Beýanatda mundan başgada: “Golan türkmenleriniň wekili hökmünde biz, Siriýa Türkmen mejlisi, bu karary asla ykrar etmeýäris, ykrar hem etmeris” diýip nygtaldy.



Degişli Habarlar