Afrikadaky Idai tupany sebäpli ýogalan adamlaryň sany artdy

Mozambik, Zimbabwe we Malawi ýurtlaryndaky tupanda we aşa köp ýagan ýagyşlar sebäpli emele gelen sil apatynda ýogalan adamlaryň sany 700-den geçdi

1169455
Afrikadaky Idai tupany sebäpli ýogalan adamlaryň sany artdy

Mozambikiň Ýer we daşky gurşaw ministri Selso Korreýa, Mozambikdäki Idai tupanynda ýogalan adamlaryň sanynyň 417-den geçendigini habar berdi.

Tupan sebäpli Zimbabwede 259 adam, Malawide bolsa 56 adam ýogaldy.

Gözleg we halas ediş işleri dowam edýän hem bolsa, on müňlerçe adam gyzdyrma (malýariýa) we mergi (holera) keseli bilen keselledi.

Mozambik, Zimbabwe we Malawide geçen hepde başdan geçirilen Idai tupany we sil apaty ýarsy çaga bolmak bilen jemi 1,7 million adama täsir ýetirdi.

Mozambikiň Döwlet baştutany Filipe Nýusi, ýurtda başdan geçirilen tupan we sil apatynda ýogalan adamlaryň hormatyna 2 günlik milli ýas yglan edipdi.


Etiketkalar: #Mozambik , #Malawi , #Zimbabwe , #tupan , #sil

Degişli Habarlar