"Pars aýlag krizisi sebitiň we dünýäniň bähbidine zeper ýetirýär"

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo resmi sapar bilen Kuweýde bardy

1167796
"Pars aýlag krizisi sebitiň we dünýäniň bähbidine zeper ýetirýär"

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo, Pars aýlag krizisiniň sebitiň we dünýäniň bähbidine zeper ýetirýändigini belledi.

Resmi sapar bilen Kuweýde baran Pompeo, Kuweýdiň Daşary işler ministri Sabah Al Halid Al Hamed As Sabah bilen duşuşdy.

Duşuşykdan soň metbugata beýanat beren Pompeo “Pars Aýlag krizisi sebitiň we dünýäniň bähbidine zeper ýetirýär. Aýlag ýurtlarynyň başdan geçirýän kynçylyklarynyň hötdesinden gelinmegi üçin birlikde işleşeliň” diýdi.

Aýlag ýurtlarynyň bir ýere jemlenşip özara kynçylyklaryny ara alyp maslahatlaşmaklary üçin tagalla edýändiklerine ünsi çeken Pompeo, “DAIŞ, Al Kaida we Eýran tarapyndan abanýan howplar bar. Aýlag ýurtlarynyň arasyndaky kynçylyklaryň ortadan aýrylmagy üçin birlikde işleşeliň”diýdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary, Kuweýdiň Emiri Şyh Sabah Al Ahmed Al Jabir As Sabahyň krizisiň çözülmegi üçin edýän tagallasyndan hoşaldygyny belledi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo resmi saparynyň çäginde düýn irden Kuweýdiň Emiri Şyh Sabah Al Ahmed Al Jabis As Sabah bilen duşuşypdy.

 

 



Degişli Habarlar