Eýranda konteýner ýüklenen gämi batdy

Eýranyň günortasynda, Komor adalaryna degişli ýük gämisi, boşaltmak işlerinde tanaplaryň gopmgay netijesinde gapdal öwrülip batdy

1166478
Eýranda konteýner ýüklenen gämi batdy

Eýranyň döwlet telewideniýesiniň berýän habaryna görä, Hürmüzgan welaýatyndaky Şehid Rejai deňiz menzilinde himiki madda daşaýan 153 konteýner ýüklenen 90 metr uzynlygyndaky ýük gämisi, konteýnerleriň porta düşürilýän mahaly bir gapdala dönüp batdy.

Konteýnerler deňize gaçýan mahaly gysga wagtlyk howsala düşip, deňize özüni zyňan gäminiň 1 işgäriniň ýaralanandygy mälim edildi.

Gäminiň uly böleginiň gysga wagtyň içinde batandygy aýan edildi.

Eýranyň Deňizçilik we port dolanşygy edarasynyň müdüriniň orunbasary Hadi Hakşinas: “Gäminiň işgärleri bilen kranyň işgäriniň arasyndaky sazlaşyksyz iş sebäpli gämi bir gapdala dönüp batdy. Deňze gaçan konteýnerleriň çykarylmagy üçin işe girişildi” diýdi.



Degişli Habarlar