Täze Zelandiýadaky terrorçylykly hüjüme garşy dünýäniň çar tarapynda protest ýörişleri geçirildi

On müňlerçe adam Yslamofobiýa we rassizme garşy ýöriş geçirip terrory näletledi

1165837
Täze Zelandiýadaky terrorçylykly hüjüme garşy dünýäniň çar tarapynda protest ýörişleri geçirildi

 

Täze Zelandiýadaky terrorçylykly hüjüme garşy dünýäniň çar tarapynda protest ýörişleri geçirildi

Täze Zelandiýanyň Kraýstçerç şäherinde Juma namazy okalýarka iki metjide guralan 50 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan terrorçylykly hüjüme garşy ýörişler geçirildi, hyýanatçylykly hüjüm berk ýazgaryldy.

Awstriýa, Britaniýa, Türkiýe, Gollandiýa, Pakistan we ABŞ ýaly birnäçe ýurtda on müňlerçe adam Yslamofobiýa we rassizme garşy ýöriş geçirip terrory näletledi.

Kraýstçerç şäherinde terrorçylykly hüjümiň guralan ýeri bolan metjidiň öňüne gelen halk, hüjümde ýogalanlar üçün gül desselerini goýup doga etdi.

ABŞ-nyň Manhattan şäherinde bolsa namaza giden musulmanlary, metjidiň öňünde ýehudiler we hristiýanlar garşylady.

Amerikalylar terrora garşydyklaryny beýan etdiler.

Kanada-da Täze Zelandiýadaky gyrgynçylykda ýogalanlary hatyralamak üçin bir ýere jemlenşen halk, musulmanlar metjitde namaz okaýarka, metjidiň daş töwereginde nobata durup möminleri gorady.

 



Degişli Habarlar