Halkara jemgyýetçiligi Täze Zelandiýada iki metjide guralan terrorçylykly hüjümi ýazýardy

“Hyýanatçylykly hüjüm Täze Zelandiýanyň hoşniýetli we parasatly tutumyna zeper ýetirip bilmez”

1164256
Halkara jemgyýetçiligi Täze Zelandiýada iki metjide guralan terrorçylykly hüjümi ýazýardy

 

Halkara jemgyýetçiligi Täze Zelandiýada iki metjide guralan 49 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan ýaragly hüjümi ýazýardy.

ÝB-niň Howpsyzlykdan jogapkär ýokary wekili Federika Mogherini beren ýazmaça beýanatynda “Täze Zelandiýadaky terrorçylykly hüjümde ýogalanlara gynanç bildirýäris. Ybadathanalara guralan hüjümler biziň hemmämize guralan hüjüm hasaplanylýar” diýdi.

ÝB Geňeşiniň Başlygy Donald Tusk Twitter arkaly beren beýanatynda “Hyýanatçylykly hüjüm Täze Zelandiýanyň hoşniýetli we parasatly tutumyna zeper ýetirip bilmez” diýdi.

Ýewropa Parlamentiniň başlygy Antonio Tažani hem “ Ýigrenç we rasism Täze Zelandiýada metjitde ybadat edýän asuda ilaty nyşana aldy” diýdi.

NATO-nyň Baş sekretary Stoltenberg hem Twitter arkaly Täze Zelandiýada iki metjide guralan terrorçylykly hüjümi berk ýazgardy.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin hem Täze Zelandiýanyň Premýer ministri Arderne hüjüm sebäpli gynanç bildirdi.

Putin  ýüzlenmesinde “Ybadat edýän asuda ilata garşy guralan hüjümi ýazgarýaryn. Hüjümi guranlar iň agyr ýagdaýda jezalandyrylmaly” diýdi.

Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel hem Täze Zelandiýada guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

 



Degişli Habarlar