"DAIŞ howpy dowam edýär”

Ak Tamyň Milli howpsyzlyk boýunça kömekçisi Jon Bolton terror guramasy DAIŞ hakynda beýanat berdi

1160761
"DAIŞ howpy dowam edýär”

Ak Tamyň Milli howpsyzlyk boýunça kömekçisi Jon Bolton terror guramasy DAIŞ-iň howply bolmaga dowam edýändigini aýtdy.

Bolton ABJ kanalyna terror guramasy DAIŞ we ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň beýanaty hakynda beýanat berdi.

Prezident Trampyň DAIŞ-iň täsirini ýitirendigi hakyndaky beýanatynyň, terror guramasynyň dolulygyna ýeňilendigi manysyny aňlatmaýandygyna ünsi çeken Bolton, “Terror guramasy DAIŞ Siriýada we Yrakda täsiri gowşan hem bolsa öz işini dowam etdirýär we dünýäniň beýleki ýerlerinde güýçlenmäge çalyşýar. DAIŞ howpy dowam edýär” diýdi.

Terror guramasy DAIŞ-iň Siriýada ýaňadandan güýçlenmeginiň öňüniň alynmagy maksady bilen amerikaly 400 esgeriň Siriýada öz işini dowam etdirmegi barada kararyň kabul edilendigini ýatlatdy.

 

 

 



Degişli Habarlar