Müsürde otly bekedinde bolan ýangynda ýogalan adamlaryň sany artdy

Müsüriň paýtagty Kairiň Ramzez diýilen ýerinde ýerleşýän otly bekedinde şu gün irden bolan ýangynda 25 adam ýogaldy, 40 adam ýaralandy

1153686
Müsürde otly bekedinde bolan ýangynda ýogalan adamlaryň sany artdy

Müsüriň ýerli mediasynda berilýän habarlarda, ýangyn söndüriji we tiz kömek ulaglarynyň wakanyň bolan ýerine gönükdirilendigi beýan edildi.

Sosial mediada bolsa, iki otlynyň çakyşandygy we wagonlarynyň birinden partlamanyň sesiniň eşidilendigi öňü sürüldi.

Resmi guramalar ýangynyň näme sebäpli ýüze çykandygy barada bolsa entek maglumat bermedi.


Etiketkalar: #Müsür , #Kair , #otly

Degişli Habarlar