Owganystanda ýalňyşlyk bilen harby birikmä hüjüm guraldy

Owganystanyň harby-howa güýçleriniň Gazna welaýatynda ýalňyşlyk bilen nyşana alynyp hüjüm guralan harby birikmedäki 8 esger ýogaldy

1153054
Owganystanda ýalňyşlyk bilen harby birikmä hüjüm guraldy

Gaznanyň gubernatorlygynyň metbugat sekretary Arif Nuri, howa güýçleriniň welaýatyň Jaguri etrabynda Taliban guramasyna garşy operasiýa gurandygyny habar berdi. 

Operasiýada ýalňyşlyk bilen harby birikmäniň nyşana alynyp hüjüm guralandygyny aýdan Nuri, hüjümde 8 esgeriň ýogalandygyny, 4 esgeriň ýaralanandygyny we hadysa bilen baglanşykly derňew işiniň başladylandygyny mälim etdi. 

Beýleki tarapdan Owganystanyň gündogaryndaky Nangarhar welaýatynyň merkezi Jelalabad şäherinde guralan bombaly hüjümde 3 adam ýaralandy. 

Nangarharyň gubernatorlygynyň metbugat sekretary Ataullah Hogýani, Jelalabad şäheriniň 2-nji etrapçasynda Polisiýa gullugynyň ulagyna ýerleşdirilen bombanyň partlamagy netijesinde ýaralanan adamlaryň 2-siniň asuda ilatdandygyny beýan etdi. 

Hogýani ýaralanan adamlaryň hassahana ýatyrylandygyny habar berdi. 

Hüjümiň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan tarap ýok. 



Degişli Habarlar