Donald Tramp Demirgazyk Koreýa bilen bagly beýanat berdi

ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp, Demirgazyk Koreýanyň ýadro ýaraglaryndan ýüz öwüren halatynda, iň uly ykdysady güýçlerden biri bolup biljekdigini habar berdi

1151994
Donald Tramp Demirgazyk Koreýa bilen bagly beýanat berdi

Tramp özüniň Twitter hasabyndan Demirgazyk Koreýanyň islendik bir ýurtdan has çalt ösüş potensialyna eýedigini belläp, Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Yn bilen Wýetnamda geçirjek duşuşygynyň üstünde durup geçdi.

Tramp: “Ikimizem Singapurda geçen ilkinji maslahatda ylalaşan meselelerimiziň dowam etmegini isleýäris. Prezident Kim, belkem ýadro ýarag bolmadan ýurdunyň çalt depginler bilen, dünýäde uly ykdysady güýçleriň biri bolup biljekdigini herkimden has gowy bilýändir. Ýerleşişi, halky we Kimiň saýasynda islendik bir ýurtdan has çalt ösüş potensialyna eýe” diýip nygtady.

Donald Tramp, gubernatorlaryň gatnaşmagynda geçirilen çärede Kim bilen gowy gatnaşyklar ýola goýandygyny belläp, Demirgazyk Koreýanyň ýadro ýaraglardan saplanmagy babatynda gyssanmaýandygyny mälim etdi.

Beýleki tarapdan Tramp bilen Kimiň 27-28-nji fewral aralygynda geçirjek duşuşygy sebäpli Wýetnamda ýokary derejeli hopwsyzlyk çäreleri görülýär.


Etiketkalar: #ABŞ , #Donald Tramp

Degişli Habarlar