Taliban Owganystanyň demirgazygynda ýene-de bir hüjüm gurady

Soňky hüjümde bolsa 5 adam ýogaldy

1148168
Taliban Owganystanyň demirgazygynda ýene-de bir hüjüm gurady

Owganystanyň demirgazygyndaky Farýab welaýatynda, terror guramasy Talibana agza terrorçylaryň harby birikmä guran hüjüminde 5 howpsyzlyk gullukçysy ýogaldy.

Farýabyň Weleýat şurasynyň wekili Saýed Abdul Baki Haşimi, metbugata beren beýanatynda, terrorçylaryň Erkelik diýilen ýerindäki harby birkmä hüjüm guramagy netijesinde 5 howpsyzlyk gullukçysynyň ýogalandygyny mälim etdi.

Haşimi, hüjümde 2 howpsyzlyk gullukçysynyň hem ýaralanandygyny habar berdi.

Farýabyň Içeri işler edarasyndan berilen beýanatda bolsa, hüjümden soň ýüze çykan çaknyşykda Talibana agza 18 terrorçynyň öldürilendigi aýan edildi.



Degişli Habarlar