Hytaý we Kuba Wenesuela 933 tonna derman we azyk önümlerini ugratdy

Hytaý we Kuba bilen baglaşylan şertnamalaryň çäginde  ugradylan derman bilen azyk önümleri Salygy goraýyş ministri tarapyndan kabul edilip alyndy

1146176
Hytaý we Kuba Wenesuela 933 tonna derman we azyk önümlerini ugratdy

Hytaý we Kuba Wenesuela 933 tonna derman we azyk önümlerini ugratdy

Wenesuelanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, Hytaý we Kuba bilen baglaşylan şertnamalaryň çäginde  ugradylan 933 tonnalyk derman bilen azyk önümleri Salygy goraýyş ministri Karlos Alwarado tarapyndan kabul edilip alyndy.

Ministr Alwarado mesele hakynda beren beýanatynda “Prezident Nikolas Maduronyň görkezmesine laýyklykda ýurtda derman ýetmezçiliginiň ortadan aýrylmagy üçin 64 konteýnerlik dermany kabul edip alandygyny we hökümetiň saglygy goraýyş üçin 25 million ýewrolyk bujet bölüp berendigini nygtady.

Taryhynyň iň uly syýasy kynçylygyny başdan geçirýän Wenesuelada “gumanitar krizis we ýardam” meselesi ABŞ we Günbatar ýurtlary tarapyndan goldanýan oppozisionerler bilen hökümetiň arasyndaky gowganyň özenini emele getirýän ugurlardan biri.

 

 

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar