Ýaponiýada azyk ammarynda ýangyn ýüze çykdy

Ýaponiýada 5 gatly bir azyk ammarynda ýüze çykan ýangynda 3 adam ýogaldy

1144438
Ýaponiýada azyk ammarynda ýangyn ýüze çykdy

Kýodo agentliginiň berýän habaryna görä, ýurdyň paýtagty Tokioda deňiz önümlerini satýan uly bir kärhana degişli köp gatly ammarda ýangyn ýüze çykdy

Ýangynda şeýle hem 1 adamyň ýaralanandygy mälim edildi.

Ýangyn söndürijiler, şäheriň Ota etrapçasyndaky bir senagat zolagynda ýerleşýän we doňdurylan azyk önümleriniň saklanýan ammardaky ýangyny 5,5 sagatda gözegçilik astyna alandyklaryny habar berdiler.

Tokio Ýangyn söndürijiler gullugyndan berilen beýanatda, binanyň 5-nji gatynda başlan ýangynda, 4 adamyň üçekden dikuçar arkaly halas edilendigi aýan edildi.

Polisiýa gullugy ýangynyň näme sebäpli ýüze çykandygyny derňeýär.


Etiketkalar: #Ýaponiýa , #Tokio , #ýangyn

Degişli Habarlar