“Eýran, bizi ýok etmäge synanşan halatynda bu olaryň belläp geçýän soňky baýramçylygy bolar”

Benýamin Netanýahu Eýranyň beýanatyna garşylyk görkezdi

1143450
“Eýran, bizi ýok etmäge synanşan halatynda bu olaryň belläp geçýän soňky baýramçylygy bolar”

 

Ysraýylyň Premýer ministri Benýamin Netanýahu Eýranyň “ABŞ bize hüjüm eden halatynda biz hem Tel Awiw bilen Hafýany ýer ýüzüden ýok ederis” diýen beýanatyna garşylyk görkezdi.

Netanýahu, “Eýran, Tel Awiwi we Hafýany ýok etmäge synanşan halatynda bu olaryň belläp geçýän soňky baýramçylygy bolar” diýdi.

Netanýahu Eýranyň hemlelerine üns berýändiklerini we şuňa meňzeş howplardan gorkmaýandyklaryny belledi.

Eýranyň Ynkylap goragçylarynyň serkerdelerinden Ýadullah Jawani düýn  Eýranyň resmi IRNA habarlar gullugyna beren beýanatynda “ABŞ bize hüjüm eden halatynda biz gem Tel Awiw bilen Hafýany ýer ýüzüden ýok ederis” diýipdi.


Etiketkalar: #Ysraýyl , #Eýran , #hemle

Degişli Habarlar