Wenesuela 5 gün dowam etjek harby türgenleşige başlady

Wenesuelanyň harby güýçleri ABŞ we sebit ýurtlary bilen başdan geçirilýän dartgynly günlerde harby türgenleşik geçirýär

1142402
Wenesuela 5 gün dowam etjek harby türgenleşige başlady
maduro tatbikat2.jpg
maduro tatbikat1.jpg

Türgenleşik Latyn Amerikada İspaniýanyň hökümetine garşy garaşsyzlyk hereketine liderlik eden Simon Boliwaryň Angostura çykyşynyň 200-nji ýyllygyna gabat getirildi.

Türgenleşik sebäpli Miranda ştatynda ýerleşýän Guasaipuro harby bazasynda geçirilen harby dabara döwlet Ýolbaşçysy Nikola Maduro we Goranmak ministri Wladimir Padrino Lopez bilen guryýer we howa güýçleriniň serkerdeleri gatnaşdylar.

Ol ýerde esgerlere ýüzlenip çykyş eden Maduro Somon Boliwaryň şol çykyşynda garaşsyzlyk göreşiniň başlangyç ýörelgelerini kesgitländigine ünsi çekip; “İne, ýaragly güýçler şu ýerde, 200 ýyldan bäri garaşsyzlygy üçin göreşýän watanyň buýsanjyny we abraýyny goraýan adamlar şu ýerde. Donald Tramam, onuň abaý-syýasatam ýok bolsun” diýdi.

ABŞ-nyň harby operasiýa howpynyň güýçlenýän günlerinde başlan we 15-nji fewrala çenli dowam etjek türgenleşikde, goşunyň operatiw taýarlygy bilen döredilmegi ähtimal partizan topary bilen utgaşykly işleşme ukybynyň synagdan geçirilmegi maksat edinilýär.



Degişli Habarlar