Wenesuelada ABŞ-e degişli ýaraglar ele salyndy

Wenesuelada ABŞ-den iberilendigi anyklanan köp sanda ýarag we ok-däri ele salyndy

1140043
Wenesuelada ABŞ-e degişli ýaraglar ele salyndy

Wenesuelanyň Döwlet howpsyzlygy ministrliginiň sosial media hasabyndan berilen beýanatda, ýurdyň Walensiýa şäherindäki Arturo Mikelena halkara howa menzilindäki ammarlaryň birinde, ABŞ-niň Maýami şäherinden iberilen köp sanda ýarag we ok-däri ele geçirilendigi habar berildi.

Wenesuelanyň Döwlet howpsyzlygy ministriniň orunbasary Endes Palensia hem ele salynan ýaraglaryň we ok-därileriň suratlaryny özüniň Twitter hasabyndan paýlaşyp, ABŞ-de öndürilen 19 tüpeňiň we 118 sany tüpeňiň magazininiň, ýokary kalibrli ok bilen birlikde 90 aragatnaşyk enjamynyň we 6 sany ykjam telefonynyň tapylandygyny mälim etdi.

Ele salynan ýaraglaryň we ok-därileriň 3-nji fewralda Maýami şäherinden gelen bir uçar bilen getirilendigine ünsleri çeken Palensia: “Wenesuelanyň halkynyň parahatçylygyna we howpsyzlygyna wehim salýan terror toparlaryny finansirleýänlere garşy howpsyzlyk edaralary hökmünde jogapkärçiliklerimizi ahyryna çenli ýerine ýetireris” diýip nygtady.

Palensia waka bilen baglanşykly derňew işiniň başladylandygyny habar berdi.

Aglabasy oppozisionerleriň elindäki Milli mejlisiň başlygy Huan Guaido, oppozisionerleriň mitinginde özüni wagtlaýyn döwlet baştutany hökmünde yglan edipdi we başda ABŞ bolmak bilen Awstraliýa, Kanada, Kolumbiýa, Peru, Ekwador, Paragwaý, Braziliýa, Çili, Panama, Argentina, Kosta Rika we Gwatemala ýaly ýurtlar tarapyndan ykrar edilipdi. Soňky gezek bolsa Ýewropa Parlamendi hem şol pozisiýany eýeläpdi.

Türkiýe, Meksika, Russiýa, Eýran, Kuba, Hytaý we Boliwiýa ýaly ýurtlar bolsa Wenesuelanyň Döwlet baştutany Nikolas Maduronyň ýolbaşçylygyndaky hökümeti goldapdy, Maduro bolsa ABŞ bilen diplomatik we syýasy gatnaşyklaryny kesendigini, emma söwda gatnaşyklarynyň dowam etjekdigini beyan edipdi.  

Donald Tramp Wenesuela esger ibermegi wariantlaryň biri hökmünde görýändigini belläpdi.


Etiketkalar: #Wenesuela , #ýarag , #ABŞ

Degişli Habarlar