Gresiýanyň Prezidenti Türkiýe bilen bagly beýanat berdi

Gresiýanyň Prezidenti Prokopis Pawlopoulos,Türkiýe bilen parahatçylykly, dostlukly we gowy gatnaşyklar ýola goýmak isleýändiklerini beýan etdi

1139633
Gresiýanyň Prezidenti Türkiýe bilen bagly beýanat berdi

Prokopis Pawlopoulos, Horwatiýanyň paýtagty Zagrebdäki saparynyň çäginde, kärdeşi Kolinda Grabar Kitarowiç bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşykda, ikitaraplaýyn gatnaşyklar bilen birlikde ÝB-niň giňelmegi, bikanun migrirleme we Gresiýanyň goňşylary bolan Türkiýe, Makedoniýa we Albaniýa bilen gatnaşyklarynyň ara alynyp maslahatlaşylandygy mälim edildi.

Prokopis Pawlopoulos duşuşykdan soň geçirilen umumy metbugat ýygnagynda, Balkanlaryň ÝB-niň Günorta-gündogar Ýewropadaky şahasydygyny belläp, ÝB-niň bu ugurdaky giňelmegini goldaýandyklaryny, emma agza bolmak isleýän ýurtlaryň goýulan şertleri ýerine ýetirmelidigini nygtady.

Gresiýanyň Premýer ministri Aleksis Çiprasyň paýtagt Ankarada saparda bolýandygyny ýatladan Prokopis Pawlopoulos: “Gresiýa Türkiýe bilen parahatçylykly, dostlukly we gowy gatnaşyklar ýola goýmak isleýär. Çiprasyň düýnki Türkiýe sapary hem onuň görkezijisi” diýip belledi.

Horwatiýanyň Prezidenti Kitarowiç hem Gresiýa bilen ähli ugurlarda gatnaşyklaryny ösdürmek isleýändiklerini belledi, emma bikanun migrirleme meselesinde bolsa duýduryş berdi.



Degişli Habarlar