Eýranyň Daşary işler ministrinden Trampa jogap

Eýranyň Daşary işler ministri Jewad Zarif, ABŞ-niň Orta Gündogardaky diktatorlary, gassaplary we radikallary goldaýandygyny belledi

1139687
Eýranyň Daşary işler ministrinden Trampa jogap

Jewad Zarif, ABŞ-niň Prezidenti Donald Trampyň, Kongresde eden çykyşynda Eýrany nyşana alyp, ulanan sözlerine özüniň Twitter hasabyndan jogap berdi.

Zarif: “Donald Tramp, bize garşy günäkärlemeler gönükdiren mahaly, jöhit raýatlarymyz bilen birlikde ähli eýranlylar ABŞ-niň basyşyna garamazdan 40 ýyllyk öňe gidişligini belläp geçýär. Eýran duşmançylygy, ABŞ-niň sebitimize weýrançylyk getiren diktatorlary, gassaplary we radikallary goldamagyna sebäp boldy” diýdi.

ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp Prezident wezipesine saýlanmagyndan soňky Birligiň Ýagdaýy atly çykyşyny Wekiller mejlisiniň Baş geňeşinde edipdi. Tramp Eýran bilen baglaşylan ýadro ylalaşygyndan çekilmek baradaky kararynyň yzynda duryp: “Tähranyň ABŞ-niň sebitdäki hyzmatdaşlaryna we jöhitlere howp abandyrmagyna rugsat bermez” diýipdi.  


Etiketkalar: #Eýran , #Donald Tramp

Degişli Habarlar