Owganystanda woleýbol bäsleşigine guralan hüjümde 5 adam ýogaldy
Hüjümde 20 adam hem ýaralandy
1133694
Owganystanyň demirgazygynda ýerleşýän Baglan welaýatynyň Tala-u Barfak etrabynda woleýbol bäsleşigine guralan hüjümde 5 adam ýogaldy.
Etrap häkimi Abdul Ahmad Ahmadi etrabyň Barfak obasynda woleýbol bäsleşiginiň geçirilýän meýdançasyna goýlan bombanyň bäsleşik dowam edýärkä ýarylandygyny aýtdy.
Barfak obasynyň Talibanyň gözegçiliginde bolandygyny aýdan Ahmadi, hüjümde 20 adamyň hem ýaralanandygyny belledi.
Hüjümiň jogapkärçiligini heniz öz üstüne alan bolmady
Degişli Habarlar
Owganystanda Syýahatçylara Guralan Hüjümiň Jogapkärçiligini DEAŞ Öz Üstüne Aldy
Hüjümde 3-i Ispaniýanyň, 3-i hem Owganystanyň raýaty bolan 6 adam ýogalypdy.