“ABŞ-daky ilçihanamyzyň we ähli konsulluklaryň ýapylmagy barada karar aldyk"

Milli Mejlisiň başlygy Huan Guaido oppozisionerleriň mitinginde özüni wagtlaýyn prezident hökmünde yglan edipdi

1132776
“ABŞ-daky ilçihanamyzyň we ähli konsulluklaryň ýapylmagy barada karar aldyk"

Wenesuelanyň Prezidenti Nikolas Maduro ýurdunyň ABŞ-daky ilçihanasyny we konsullyklaryny ýapjakdygyny we ähli diplomatlaryny yzyna çagyrjakdygyny aýtdy.

Maduro 2019-njy Kanun çykaryş ýylynyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda Wenesuelanyň ABŞ-daky ilçihanasynyň ýapylmagy barada karar alandygyny aýtdy.

ABŞ bilen diplomatik gatnaşyklaryň bes edilendigini aýdan Maduro “ABŞ-daky ilçihanamyzyň we ähli konsulluklaryň ýapylmagy barada karar aldyk. Diplomatlarymyzy hem yzyna çagyrýarys, şenbe güni gelerler” diýdi.

Wenesuelada düýn oppozisionerleriň we häkimiýetiň tarapdarlarynyň geçiren mitingleri ýurduň we sebitiň geljegi taýdan möhüm özgerlişiklere sebäp bolupdy.

Esasy bölegi oppozisionerleriň gözegçiliginde bolan Milli Mejlisiň başlygy Huan Guaido oppozisionerleriň mitinginde özüni wagtlaýyn prezident hökmünde yglan edipdi.

Guaido ABŞ-nyň başda durmagynda Kanada, Kolumbiýa, Peru, Akwador, Braziliýa, Panama, Argentina ýaly ýurtlar tarapyndan Wenesuelanyň wagtlaýyn prezidenti hökmünde yglan edildi.

Maduro bolsa paýtagt Karakasda Prezident köşgüniň balkonyndan müňlerçe adama ýüzlenip eden çykyşynda ABŞ bilen ähli diplomatik gatnaşyklaryň bes edilendigini we Amerikaly diplomatlara Wenesuellany terk etmekleri üçin 72 sagat möhlet berendigini aýdypdy.

 

 



Degişli Habarlar