Pompeo Kuweýte saparyny yza süýşürdi

ABŞ-nyň Döwlet Sekretary Maýk Pompeonyň yza süýşürilen Kuweýt saparyny gelejekki günlerde gurajakdygy habar berildi

1126830
Pompeo Kuweýte saparyny yza süýşürdi

Kuweýdiň resmi habarlar gullugy “KUNA-nyň” berýän habaryna görä Kuweýdiň Daşary işler ministri Sabah Halid Al Hamad As Sabah ýurdunda jynaza namazyna gatnaşmaly bolandygy sebäpli öňňin Ýakyn Gündogar ýurtlaryna saparyny tamamlaman Kuweýde saparyny yza süýşüren Pompeo bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Daşary işler ministri Sabahyň Pompeo duýgudaşlyk bildirendigi, Pompeonyň bolsa yza süýşürmäge mejbur bolan Kuweý saparyny golaýda guramak isleýandigini aýdandygy nygtalýar.

Ministrleriň telefon söhbetdeşliginde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň hem seljerilendigi habar berildi.

9 ýurdy öz içine alýan Ýakyn Gündogar saparyna 8-nji ýanwarda İordaniýadan başlan Pompeo Yraga, Müsüre, Bahreýne, Birleşen Arap Emirliklerine, Katara, Saud Arabystanyna we Omana barypdy.

Omandan soň Kuweýde barmagyna garaşylýan Pompeo ýurdundaky jynaza gatnaşmalydygy sebäpli öňňin saparyny tamamlaman ýurduna dolanypdy.



Degişli Habarlar