Sudanda altyn käni tapyldy

Sudanda ýyllyk 7 tonna önümçilik mümkinçiligine eýe bolan altyn käni tapyldy

1125471
Sudanda  altyn käni tapyldy

 

Sudanyň Gyzyldeňiz welaýatynda magdançylyk pudagynda iş alyp barýan firmalaryň ýolbaşçylary bilen duşuşan Sudanyň Nebit we magdan ministri Ezher Abdulkadir, ýyllyk 7 tonna önümçilik mümkinçiligine eýe bolan altyn käniniň tapylandygyny aýtdy.

Ministr Abdulkadir magdançylyk pudagynyň başdan geçirýän kynçylyklaryň syýasat bilen arabaglanşyklydygyny belledi we şol kynçylyklary çözjekdigini nygtady.

Sudanyň Nebit we magdan ministri Ezher Abdulkadir tapylan magdan ätiýajynyň ýeri we önümçiligiň haçan başlajakdygy barada bolsa maglumat bermedi.

 

 

 


Etiketkalar: #Sudan , #altyn , #magdan , #önümçilik

Degişli Habarlar