ÝPG/PKK Amerikada öndürlen TOW raketasy bilen hüjüm gurady

Oppozisionerleriň ulagyny nyşana alan raketa hüjüminde Azat Siriýa goşunyndan iki adam ýogaldy

1123190
ÝPG/PKK Amerikada öndürlen TOW raketasy bilen hüjüm gurady

 

Ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK Siriýada basyp alan ýeri bolan Tel Ryfat etrabyndan Azat Siriýa goşunynyň gözegçiligi astyndaky etaba Amerikada öndürlen anti-tank TOW raketasy bilen hüjüm gurady.

Oppozisionerleriň ulagyny nyşana alan raketa hüjüminde Azat Siriýa goşunyndan iki adam ýogaldy

Halap welaýatynyň Tel Ryfat etrabyny basyp alan ÝPG/PKK agza terrorçylar ertiriň irki sagatlarynda Azez etrabynyň Keljibrin obasyndaky front liniýasynda gözegçiligi üpjün edýän Azat Siriýa goşunynyň ulagyny Amerikada öndürlen anti-tank TOW raketasy bilen nyşana aldy.

Hüjümde Azat Siriýa goşunyndan iki adam ýogaldy, harby ulag hatardan çykdy.

ÝPG/PKK düýn hem ady agzalýan etrapda oppozisionerleriň ulagyny nyşana alypdy, hüjümde ýogalan ýada ýaralanan bolmandy.

 

 

 



Degişli Habarlar