Eýranyň Saglygy goraýyş ministri ministrligiň bujeti sebäpli wezipesinden çekildi

Täze ýylda Eýranyň Saglygy goraýyş ministrligi üçindiňe 16 trillion tünemiň bölünip berlipdi

1118679
Eýranyň Saglygy goraýyş ministri ministrligiň bujeti sebäpli wezipesinden çekildi

Eýranyň Saglygy goraýyş ministri Gazizade Haşimi ministrligiň bujeti sebäpli wezipesinden çekildi

Prezident Hasan Ruhani, Haşiminiň wezipesinden çekilýändigi barada 26-njy dekabrda beren arzasyny kabul etdi.

Mesele hakynda berlen beýanata görä, Prezident Ruhani Haşiminiň ýerine Saglygy goraýyş ministri hökmünde wagtlaýyn Sait Nimekini belledi.

Haşimi täze ýylda Saglygy goraýyş ministrligi üçin bölnip berlen bujetiň gaty azdygy sebäpli wezipesinden çekilýändigini aýdypdy.

Täze ýylda Eýranyň Saglygy goraýyş ministrligi üçindiňe 16 trillion tünemiň bölünip berlipdi

 

 

 



Degişli Habarlar