"Terror guramasy ÝPG/PKK-nyň Eýrana nebit satmagy bizi biynjalyk edýär"

Tramp "Hyzmatdaşlarymyz kürtler Eýrana nebit satýar. Biz mundan hoşal däl”diýdi

1118401
"Terror guramasy ÝPG/PKK-nyň Eýrana nebit satmagy bizi biynjalyk edýär"

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Siriýadaky ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-nyň Eýrana nebit satmagynyň özlerini biynjalyk edýändigini aýtdy.

Tramp Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň Amerikan esgerleriniň Siriýadan çekilmegi barada kabul eden karary hakynda maglumat berdi.

Amerikan Nýu Ýork Taýmes gazetiniň žurnalistiniň özüniň ABŞ-nyň Goranmak ministrligi Pentagona Siriýadan  4 aýda çekilmek barada görkezme berjekdigi hakyndaky soragyna jogap beren Tramp “Çekilmek barada dürli garaýyşlar öňe sürülýär, käbiri meniň 4 aý diýendigimi aýdýar, emma men hiç hili möhlet kesgitlemedim” diýdi.

Tramp ABŞ-nyň terror guramasy ÝPG/PKK-ä berýän goldawy barada bolsa “Türkiýe olary halamaýar, başgalary bolsa olary halaýar. Ollaryň ellerindäki azajyk nebitini Eýrana satmaklary bolsa meni biynjalyk etdi. Olardan Eýrana nebit satmazlyklaryny isledik. Hyzmatdaşlarymyz kürtler Eýrana nebit satýar. Biz mundan hoşal däl”diýdi



Degişli Habarlar