Owganystanda Talibana agza 29 terrorçy öldürildi

Terrorçylaryň arasynda eýranyň 2 raýatynyň bardygy nygtaldy

1117864
Owganystanda Talibana agza 29 terrorçy öldürildi

Owganystanyň Farýab welaýatynda Talibana garşy geçirlen operasiýada gurama agza 29 terrorçy öldürildi.

Ýurduň demirgazygynda iş alyp barýan harby serkerdelik tarapyndan berlen beýanatda Farýab welaýatynyň Şirin Tebag we Hoja Sabzpoş etrapçalarynda Talibana garşy howadan we gury ýerden operasiýa geçirildi.

Operasiýalarda 29 terrorçynyň öldürlendigi we şolaryň arasynda eýranyň 2 raýatynyň bardygy nygtaldy

Operasiýada 4 esgeriň hem ýaralanandygy ýatladyldy

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Eýranyň Owganystandaky Talibana goldaw berýändigini öňe sürüpdi.

Guramanyň hatarynda Eýranyň raýaty bolan terrorçylaryň bardygy bolsa ilkinji gezek resmi taýdan tassyklanyldy

 

 


Etiketkalar: #Eýran , #Taliban , #operasiýa

Degişli Habarlar