Putin: “Türkiýe we Russiýa Ýewraziýanyň howpsyzlygyny güýçlendirmäge dowam eder”

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin Türkiýäniň we Russiýanyň Ýewraziýanyň howpsyzlygyny bilelikde güýçlendirmäge dowam etjekdigine ynanýandygyny habar berdi

1116120
Putin: “Türkiýe we Russiýa Ýewraziýanyň howpsyzlygyny güýçlendirmäge dowam eder”

Kremliň Metbugat gullugyndan berilen beýanatda, Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogany täze ýyly bilen gutlap, hat iberendigi mälim edildi.

Putiniň, Türkiýäniň we Russiýanyň arasynda üstünlikli ýagdaýda dowam edýän gatnaşyklardan hoşaldygyny bellän gutlag hatynda: “Akkuýu Ýadro desgasynda ilkinji bölümiň gurluşygy başlady we Türk Akymy tebigy gaz geçiriji turba taslamasynda deňizden geçýän bölegiň gurluşygy tamamlandy” diýip bellendi.

Iki ýurdyň arasyndaky gatnaşyklar bilen bagly täze meýilnamalaryň düzülýändigini aýdan Putin: “Moskwanyň we Ankaranyň umumy tagallalary bilen, Siriýada terrora garşy göreş we bu ýurtdaky syýasy etaba tutanýeli bir goşant goşulýar” diýip nygtady.

 Türkiýäniň we Russiýanyň arasynda ähli ugurlarda, iki ýurdyň halklarynyň peýdasy üçin işleriň alynyp baryljakdygyna ynanýandygyny aýdan Putin: "Türkiýäniň we Russiýanyň Ýewraziýanyň howpsyzlygyny bilelikde güýçlendirmäge dowam etjekdigine ynanýaryn” diýip habar berdi



Degişli Habarlar