ABŞ-da uly şäherleriň ilat sany azalýar

Salgytlaryň ýokary bolmagy, aýlyk günlükleriň çäkli mukdarda atrdyrylmagy halkyň başga şäherlere göçmegine sebäp bolýar

1113914
ABŞ-da uly şäherleriň ilat sany azalýar

 

ABŞ-nyň iň uly şäherleriniň arasynda ýerleşýän Çikagonyň, Nýu Ýorkuň we Los Anželesiň ilat sany azalýar.

ABŞ-nyň ilatyň sany edarasynyň 2017-nji ýyldaky görkezijilerine görä, içerki we daşarky göç edilşikler sebäpli ilatyň sany azalýar.

Resmi görkezijilere görä 2014-nji ýylda Çikago şäherinden 105 müň 219 adam başga şähere göçen bolsa, 2017-nji ýylda 131 müň 560 adam şäheri terk etdi.

2014-nji ýylda 12 müň 392 adam Los Anželes şäherine göçen bolsa, 2017-nji ýylda tersine 127 müň 630 adam “perişdeler şäherini” terk etdi.

Göçenleriň esasy böleginiň ýyllyk girdejisi 30-60 müň dollar aralygynda bolan orta gatlagyň wekillerinden ybarat.

Salgytlaryň ýokary bolmagy, aýlyk günlükleriň çäkli mukdarda atrdyrylmagy halkyň başga şäherlere göçmegine sebäp bolýar

 


Etiketkalar: #ABŞ , #şäher , #ilat , #azalmak

Degişli Habarlar