Ukraina goýlan sanksiýalaryň göwrümi giňeldildi

Medwedew Ukraina goýlan sanksiýalaryň göwrüminiň giňeldilmegi baradaky karara gol goýdy

1113777
Ukraina goýlan sanksiýalaryň göwrümi giňeldildi

Russiýanyň Premýer ministri Dmitriý Medwedew Ukraina goýlan sanksiýalaryň göwrüminiň giňeldilmegi baradaky karara gol goýdy.

Rus hökümetiniň metbugat gullugyndan berlen beýanatda, Ukraina goýlan ykdysady sanksiýa sanawyna ýene-de 200 adamyň we firmanyň degişli edilmegi baradaky kararyň Premýer ministr Dimitýir Medwedewiň goly bilen birlikde güýje girendigi nygtaldy

Premýer ministr Medwedw hem mesele barada Twitter arkaly beren beýanatynda, “Bu karar, Rus döwletiniň raýatlarynyň we firmalarynyň hukuklarynyň goralmagy maksady bilen kabul edildi” diýdi.

Russiýa 2018-nji ýylyň 1-nji noýabrynda ukrainaly 322 adama we 68 firma ykdysady taýdan sanksiýa goýlupdy.

Kararnama bilen Ukrainanyň Prezidenti Petro Poroşenkonyň ogly Alekseý Poroşenko, İçeri işler ministri Arsen Awakow, Ukrainanyň Parlamentiniň başlygy Andreý Parubiý, ozalky premýer ministrlerden Arseniý Ýatsenýuk we Ýuliýa Timoşenko bilen Ukrainanyň nebit-gaz firmasy Naftogazyň başlygy Andreý Kobolew ýaly birnäçe adam gara sanawa alnypdy.

 



Degişli Habarlar